Hormatly Prezidentimiziň bilimli, ylymly, giň dünýägaraýyşly, döwrümize mynasyp, kämil nesli kemala getirmek boýunça öňde goýan wezipelerden ugur alyp, zehinli talyplary ýüze çykarmak we höweslendirmek, okuw dersleri boýunça bilimlerini çuňluşdyrmak, döwlet hem-de halkara bäsleşiklerine taýýarlamak maksady bilen, 2025-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Türkmen oba hojalyk instituty tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň gatnaşmagynda Topragy öwreniş boýunça II internet ders bäsleşigi geçirildi.
Geçirilen internet bäsleşiginde institutymyzyň Ýol gurluşygy fakultetiniň talyplary gatnaşyp, “Kartografiýa we geoinformatika” taýýarlygy ugrunyň 3-nji ýyl talyplary Kyýas Gyzylow 1-nji we Daýanç Sopyýew 2-nji baýrakly orunlara mynasyp boldular.