2025-nji ýylyň noýabr aýynyň 11-ne Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary üçin täze bina toplumynyň gurluşyk meýdançasynda Kompýuter tenologiýasy we awtomatika fakultetiniň “Kompýuter tenologiýasy we ulgamlary” kafedrasynyň gatnaşmagynda göçme okuw sapagy guraldy. Okuw sapagynyň maksady talyplaryň nazaryýet bilimlerini amaly tejribe bilen utgaşdyrmak, häzirki zaman gurluşyk tehnologiýalary we taslama-mehanizasiýa işleri bilen tanyşdyrmak boldy.
Sapaga Kompýuter tenologiýasy we awtomatika fakultetiniň Kompýuter tenologiýasy we ulgamlary kafedrasynyň mugallymlary we talyplary, inženerler hem-de gurluşyk meýdançasynda işleýän hünärmenler gatnaşdy. Okuw wagtynda talyplara binanyň düýbünden başlap gurluşynyň esasy tapgyrlary, gurluşykda ulanylýan täze materiallar, inženerçilik ulgamlary we howpsuzlyk kadalary görkezildi. Şeýle hem täze binanyň meýilnamasy, arhitektura çözgütleri we gurluşykda ulanylýan tehnikalar barada giňişleýin maglumat berildi.
Göçme okuw sapagy talyplaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolup, olaryň geljekki iş tejribesine uly goşant goşdy. Sapagyň dowamynda talyplar sorag-jogap görnüşinde işjeň gatnaşdylar hem-de meýdançadaky hünärmenlerden gyzyklandyrýan temalary boýunça maglumat aldylar.
Okuw sapagynyň ahyrynda mugallymlar we gurluşyk ýolbaşçylary tarapyndan talyplara öwüt-nesihatlar we geljekki meýilnamalaryny ösdürmek babatynda maslahatlar berildi. Bu çäre ýaş binagärleriň we gurluşyk inženerleriniň häzirki zaman talaplaryna laýyklykda taýýarlanylmagynda möhüm ädim boldy.
Taýýarlan: Kompýuter tenologiýasy we ulgamlary kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Süleýman Seitow