2025-nji ýylyň 5-11-nji noýabry aralygynda Polşa Respublikasynyň Kotowise şäherinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen matematika dersi boýunça halkara toparlaýyn bäsleşigine (International Student Team Competition in Mathematics, ISTCiM-2025) Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bilen bir hatarda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň “Senagat we raýat jaý gurluşygy” hünäriniň 5-nji ýyl talyby Nagym Baýramgulyýewiç Taňrygulyýew gatnaşyp, şahsy II orna mynasyp boldy. Şeýle hem bu bäsleşikde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary toparlaýyn III orna mynasyp boldular.

