2025-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Elektrotehnika» dersi boýunça Olimpiada üstünlikli geçirildi.
Bu ähmiýetli çärä ýurdumyzdaky 18 sany ýokary okuw mekdebiniň wekilleri gatnaşdy. Aşgabat we Arkadag şäherleriniň talyplarynyň (şol sanda Türkmen döwlet energetika institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň we Türkmen deňiz we derýa ulaglary institutynyň talyplarynyň) iň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, sanly ulgam arkaly ýörite onlaýn görnüşi guraldy.