Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ýokary derejeli geçirilen forumda meýletinçi talyplar

“2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýokary derejeli forum geçirildi. Bu forumda beýleki ýokary okuw mekdepleriň meýletinçi talyplary bilen birlikde biziň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutymyzdanam meýletinçiler saýlanyp alyndy. Jogapkär mugallymlaryň ýolbaşçylygynda olar ýurdumyza gelen daşary ýurtly myhmanlara dürli ugurlar boýunça hyzmat etdiler.


TDBGI


Olar halkara howa menzilinde, myhmanhanalarda, Iki taraplaýyn duşuşyklarda, Awtobuslary utgaşdyryjy bölümde hyzmat etdiler. Türkmenistanyň hemişelik Bitaralygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan foruma gelen myhmanlara meýletinçiler türkmeniň myhmansöýerligini we güler ýüzlüligini açyp görkezdiler. Bu forumda hyzmat etmek bilen olar meýletinçilik işini has-da kämilleşdirmäge tejribe topladylar.


TDBGI


TDBGI


TDBGI


TDBGI


Taýýarlan: Kümüş Allabaýewa, 
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 
Meýletinçiler merkeziniň başlygy