«Gulluk edýäris jandan eziz Diýara: Ylym we hünär — Watanyň goragynda!»

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ylym-bilime we ýaşlaryň watançylyk terbiýesine aýratyn ähmiýet berilýär. Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda geçirilen «Gulluk edýäris jandan eziz Diýara!» atly ylmy-amaly maslahat munuň aýdyň subutnamasydyr.

Bu çäre barada has giňişleýin maglumatlar «Esger» gazetiniň 2026-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda çykan 5-nji sanynda neşir edildi. Makalada talyplaryň döwrebap innowasion tehnologiýalary, binagärlik taslamalary we ylmy barlaglary barada gyzykly faktlar getirilýär.

Makalanyň awtory — Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň dekanynyň orunbasary, polkownik Nurýagdy Akmämmedow.

Sizi institutyň sahypasynda ýerleşdirilen şu ähmiýetli çäräniň gidişi we talyplarymyzyň gazanan üstünlikleri baradaky makala bilen tanyşmaga çagyrýarys.


Neşir edilen makalany goşulan PDF-faylda görüp bilersiňiz.