
Özbegistan Respublikasynyň gadymy Buhara şäherinde Matematika we Himiýa dersleri boýunça geçirilen Halkara ders olimpiadasynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary ýokary netijeleri görkezip, ýurdumyzyň abraýyny belende göterdiler.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplarynyň Özbegistandaky halkara olimpiadada gazanan bu ýeňişleri hem institutymyz hem-de tutuş ýurdumyz üçin uly buýsançdyr.
Öz bilimlerini we ukyplaryny halkara derejesinde subut eden Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň talyplarynyň gazanan ýeňişleri aýratyn buýsanmaga mynasypdyr: “Organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy” hünäriniň 4-nji ýyl talyby Begençmuhammedow Nyýazmuhammet — Himiýa dersi boýunça özüniň kämil bilimini görkezip, 1-nji orun, Altyn medala, şol hünäriň 4-nji ýyl talyby Ozzyýew Wepa — täzeçil pikirleri we zehini bilen tapawutlanyp, 3-nji orun, Bürünç medala, “Organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy” hünäriniň 3-nji ýyl talyby Kakaýew Kakajan — ýokary taýýarlygy netijesinde 3-nji orun, Bürünç medala eýe boldular!

Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň ýolbaşçylary, mugallymlary we talyp ýaşlary ýeňijileri we olaryň halypa mugallymlaryny bu ajaýyp üstünlik bilen tüýs ýürekden gutlaýarlar. Biziň talyplarymyz diňe bir hünär öwrenmän, eýsem türkmen ylmynyň dünýä derejesindäki ornuny hem berkidýärler.
Ýeňiji talyplarymyza geljekde-de ylmyň we bilimiň täze-täze sepgitlerini eýelemeklerini, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşmaklaryny arzuw edýäris!