Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35-ýyllyk şanly toýunyň bellenjek “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda milli däp dessurlarymyz, baýramlarymyz aýratyn hormat bilen bellenilýär, baharyň buşlykçysy bolan Milli bahar baýramy-Halkara Nowruz günüdir. Bu baýram dost-doganlygyň, erkanalygyň, parahatçylygyň, täzelenişiň nyşany bolup halkymyzyň kalbynda aýratyn orun eýeleýär.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda hem Milli Bahar baýramy, Halkara Nowruz güni mynasybetli “Äleme rysgal paýlap, Nowruz geldi ilime” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu dabara ýokary ruhybelentlikde milli tagamlar taýýarlanyp, türkmen milli oyunlary bilen sazlaşyp, türkmen gelin-gyzlaryna mahsus bolan üme dessury hem ýerine ýetirildi. Gözel sähramyzyň, tebigatymyzyň janlanmagyny türkmen bedew atlary, türkmen alabaýlary, türkmen ýazynyň owlak-guzylary baýramçylyk çäresine aýratyn bezeg berdi. Dabarada milli aýdym-sazlar ýaňlanyp, talyplar tarapyndan ýerine ýetirilen çykyşlar Nowruz ruhyny has-da belende göterdi. Milli lybasly gyzlaryň we ýigitleriň çykyşlary, tans we şowhunly aýdym-sazlary hemmelerde ýakymly täsir galdyrdy. Şeýle-de dabarada halkymyzyň gadymy däplerini görkezýän kompozisiýa çykyşlary, türkmeniň milli tagamy semeni - Nowruzyň berekediniň, rysgalynyň nyşany hökmünde görkezildi. Bu bolsa ýaş nesillerde milli gymmatlyklarymyza bolan söýgüni has-da artdyrýar. Nowruz baýramy diňe bir şatlykly gün bolman, eýsem dostlugy, agzybirligi pugtalandyrýan, kalplara ýylylyk paýlaýan baýramdyr. Şeýle çäreleriň geçirilmegi ýaşlaryň watan söýüjilik ruhunda terbiýelemegine uly goşant goşýar.


Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň guramaçylyk topary