2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň “Awtomobil ýollarynyň gurluşygy” kafedrasynyň uly mugallymy, tehniki ylymlaryň kandidaty Ýolly Myradow tarapyndan “Türkmenistanda gurluşyk taslamalarynda we işlerinde Gurluşyk kadalarynyň orny” atly ylmy-okuw maslahaty geçirildi.
Türkmenistanda gurluşyk işleriniň alnyp barylyşy döwlet tarapyndan berk kadalaşdyrylýar. Gurluşyk kadalarynyň ýerine ýetirilmegi diňe bir gurluşyklaryň hiliniň we ygtybarlylygynyň kepili bolman, eýsem ýurdumyzyň halkara derejesindäki ynamly hyzmatdaşlygynyň hem esasy sütüni bolup hyzmat edýär.
Türkmenistanyň gurluşyk kadalarynyň kämilleşdirilmegi we olaryň halkara tejribeler bilen sazlaşdyrylmagy ýurdumyzyň durnukly ösüşine we dünýä gurluşyk ulgamyndaky ornunyň ýokarlanmagyna gönükdirilendir.
Maslahatyň dowamynda Watanymyzda gurluşyk işleriniň ýokary hilli we ygtybarly ýerine ýetirilmegi üçin, ýurdumyzda hereket edýän Gurluşyk kadalarynyň (TGK) we Döwlet standartlarynyň (TDS) berk talaplaryna laýyklykda amala aşyrylyşy, Türkmenistanda ulanylýan gurluşyk kadalarynyň (TGK) we halkara ölçegleriniň aýratynlyklary, gurluşyk işleriniň meýilleşdirilişi, seýsmik taýdan howply zolaklarda gurluşyk işleriniň aýratynlyklary, ulag we ýol gurluşygynda kadalaryň orny barada giňişleýin gürrüň berildi.
Maslahata gatnaşyjy mugallymlar we talyplar şeýle maslahatlaryň gurluşyk inženerleriniň bilim derejesini ýokarlandyrmaga we täze tehnologiýalaryň iş tejribesine ornaşdyrylmagyna möhüm itergi berýändigini nygtadylar.
Mugallymyň çykyşynyň prezentasiýasyna şu salgydan seredip bilersiňiz.