“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlyklar alnyp barylýar. 2025-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Gazagystan-German uniwersitetiniň çakylygy boýunça Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Merkezi Aziýada ýaşyl ykdysadyýeti ösdürmek boýunça halkara onlaýn maslahaty geçirildi.
Halkara onlaýn maslahatynda suw çeşmelerini dolandyrmak, energiýanyň durnuklylygy, howanyň durnuklylygy, oba hojalygynyň üýtgemegi we ekoulgamy goramak ýaly möhüm sebit we global meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunda - Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda, Türkmenistanda we Özbegistanda durnukly ösüşi üpjün etmek üçin degişli pikirler we geljegi uly teklipler hödürlenildi.