Täze “Meýdanyň inženerçilik taýdan abadanlaşdyrylyşy we ulag” atly okuw kitaby çap edildi

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary Ä.Gubaýewanyň we S.Haýdarowyň ýokary okuw mekdepleri üçin “Meýdanyň inženerçilik taýdan abadanlaşdyrylyşy we ulag” atly okuw kitaby çap edildi. Okuw kitaby Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň “Ylym” neşirýaty tarapyndan redaktirlenildi.

“Meýdanyň inženerçilik taýdan abadanlaşdyrylyşy we ulag” atly okuw kitabynda çäklere tebigy şertler, fiziki-geologik prosesler hem-de hadysalar boýunça baha bermek, şäheriň we onuň bir böleginiň ösüşi üçin zerur bolan çäkleri dogry saýlap almak şäheriň çäklerini meýilnamalaşdyrmagyň, binalary gurmagyň hem-de abadanlaşdyrmagyň talaplaryna laýyklykda, diňe tebigy şertlere şähergurluşyk taýdan baha bermegiň netijesi ýaly meselelere seredilýär. Okuw kitabynda meýdany inženerçilik taýdan taýýarlamak oňa has ähmiýetli tebigy faktorlar we amatsyz fiziki-geologik hadysalaryň ýüze çykmagynyň güýçli depginliligi boýunça baha bermegiň möhümdigi anyk düşünjeleriň üsti bilen beýan edilýär.

Okuw kitaby binagärlik, şähergurluşyk we ilatly ýerleri meýilleşdirmek, binagärlik gurşawynyň dizaýny we şäher gurluşygy hünärleriniň talyplary üçin has ähmiýetli gollanmadyr.


Amanmyrat ARAZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
ylym bölüminiň başlygy