2025-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika fakultetiniň “Tehnologik maşynlar we enjamlar” kafedrasynyň uly mugallymy Agameret Jumahanowyň ýolbaşçylygynda Göteriji, äkidiji, gurluşyk ýol maşynlary we enjamlary hünäriniň 4-nji ýyl talyplary bilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynda göçme okuw sapagynda boldular. Göçme okuw sapagynyň dowamynda täze binalar toplumynda alnyp barylýan gurluşyk işleri, gurluşyk prosesiniň tapgyrlary we işde ulanylýan tehnikalaryň ähmiýeti bilen tanyşdylar. Mugallym talyplara gurluşykda giňden peýdalanylýan göteriji we äkidiji maşynlaryň gurluşy, olaryň dürli görnüşleri we işleýiş prinsipi barada giňişleýin maglumat berdi.
Şeýle-de, talyplar ýer işlerinde ulanylýan awtogreýderleriň aýratynlyklary, ýol gurluşygynda ulanylýan topragy dykyzlandyryjy katoklaryň ähmiýeti, beton garyjy maşynlaryň gurluşykda ýerine ýetirýän wezipesi bilen tanyşdylar. Mundan başga-da, ýükleýji-düşüriji maşynlaryň, şeýle hem gurluşykda giňden ulanylýan minara we awtomobil kranlarynyň mümkinçilikleri we olaryň ulanylyş aýratynlyklary barada umumy düşünje aldylar.
Göçme okuw sapagy diňe bir täze bilimleri bermek bilen çäklenmän, eýsem talyplarda gelejekki hünärlerine bolan gyzyklanmany hem güýçlendirdi. Olar mugallymlarynyň düşündirişleri arkaly nazary taýdan öwrenen bilimleriniň tejribelikde nähili ulanylýandygyny görmäge mümkinçilik aldylar. Bu bolsa olaryň geljekde ökde hünärmen bolup ýetişmekleri üçin möhüm ähmiýete eýedir.