Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky bäsleşikde I orna mynasyp boldylar

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary 2025-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň guramagynda geçirilen “Daşky gurşawy goramak boýunça çeper sözleýiş sungaty bäsleşiginde” (Inter University Environmental Public Speaking Competition) üstünlikli çykyş edip, 1-nji orny eýelediler. Bu bäsleşik ýurdumyzyň ýaşlarynyň innowasion we durnukly ekologik taslamalaryny ösdürmek, howanyň üýtgemegi, daşky gurşaw we durnukly ösüş ugurlary boýunça bilimlerini artdyrmak hem-de BMG-niň Durnukly Ösüş Maksatlaryna (DÖM) ýetmäge goşant goşmak maksady bilen guraldy.

Institutymyzdan bäsleşige gatnaşan talyplar topary “Urbanizasiýa we abadançylyk: Durnukly şäherleriň ilat saglygyndaky orny” atly mowzuk boýunça çykyş etdiler. Talyplar öz çykyşynda daşky gurşawa zyýanly galyndylary peýdaly serişdelere öwürmek mümkinçiliklerini görkezip, “Galyndylardan bio-gazlaryň kömegi bilen energiýa çeşmesini döretmek” ugurly taslamany tanyşdyrdylar. Bu taslama adamlaryň saglygyny goraýan we daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni alýan durnukly, ýaşamak üçin has amatly şäherleri döretmäge ýardam berer. Toparyň bu innowasion we döredijilikli çykyşy emin agzalaryň we tomaşaçylaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy.


TDBGI_YGF


“Diller” kafedrasynyň uly mugallymy Baýramtäç Oraztaganowa tarapyndan ýolbaşçylyk edilen institutyň ýeňiji talyplar toparynyň düzümine Binagärlik-gurluşyk fakultetinden Yslam Saryjaýew, Malika Çaryýewa, Abdylla Nazarow hem-de Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetinden Serdar Mämmetsähetow, Aýbölek Aşyrowa dagylar girýärler. Olar bilelikde durnukly ösüş we daşky gurşawy goramak boýunça çuňňur bilimlerini we ussatlyklaryny görkezdiler.

Bu bäsleşik Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplarynyň öz gezeginde Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmäge goşýan goşandynyň aýdyň mysalydyr. Şeýle bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi talyp ýaşlaryň innowasiýa we daşky gurşawy goramak boýunça taslamalaryna bolan gyzyklanmasyny artdyrmak, olaryň döredijilik ukyplaryny açyp görkezmek we geljekde ýurdumyzyň ösüşine goşant goşmaklary üçin ähmiýetli ädimdir.