“Ylmy tehnologiki ösüş – Garaşsyzlygyň esaslaryny berkitmegiň ygtybarly binýady” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda durmuşa geçirýän toplumlaýyn gurluşyk maksatnamasy Türkmenistany dünýäniň iň ösen döwletleriniň birine öwürmäge gönükdirilen strategiýadyr. Ýurdumyzda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny, durmuş-medeni maksatly binalary we iň döwrebap inžener-tehniki düzümleri özünde jemleýän toplumlar döredilýär. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzy ägirt uly gurluşyk meýdançasyna öwürdi. Gurluşyk pudagy bolsa gymmatlyklary dörediji we köpeldiji ugurlaryň biridir. 

Barha rowaçlanýan, günsaýyn abraý-mertebesi dabaralanýan güneşli eziz Diýarymyz toýlar mesgenine öwrüldi. Şu günler bolsa, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzda medeni köpçülikleýin çäreler, aýdym-sazly çykyşlar, ylmy-amaly maslahatlar yzygiderli geçirilýär we baýramçylyk sergileri gurnalýar. 


TDBGI_YGF


2025-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli bagyşlanyp, “Ylmy tehnologiki ösüş – Garaşsyzlygyň esaslaryny berkitmegiň ygtybarly binýady” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

Maslahatyň açylyş dabarasynda çykyş eden mugallymlar we talyplar ýaşlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda maksatnamalaýyn esasda amala aşyrylýan çäreler gurluşyk pudagynda alnyp barylýan işlere ylmy esasda çemeleşmäge, öňdebaryjy tehnologiýalary we dünýä tejribelerini önümçilige giňden ornaşdyrmaga, bäsleşikli gurşawyň ösdürilmegi bilen, gurluşyk işleriniň hilini ýokarlandyrmaga, energetika desgalarynyň, awtomobil ýollarynyň, hassahanalaryň, saglyk merkezleriniň, sport desgalarynyň, mekdepleriň, mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň, medeni merkezleriň, ýaşaýyş-jemagat, medeni-durmuş we senagat maksatly desgalaryň, şeýle hem ilat üçin amatly bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna gönükdirilen düýpli maýa goýumlaryň netijeliligini artdyrmaga we ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginini gazanmaga mümkinçilik berilýändigi barada aýratyn bellediler.

Baýramçylyga beslenen ylmy-amaly çäräniň açylyş dabarasyndan soňra institutyň fakultetlerinde bölümlerde maslahat öz işini dowam etdi. Ol ýerde hem Institutyň professor-mugallymlarydyr, talyp-ýaşlary öz ugurlary boýunça alyp barýan işleriniň netijeleri boýunça çykyş etdiler. 


TDBGI_YGF


Maslahatyň ahyrynda ata ýurdumyzy we halkymyzy ösüşiň rowana ak ýollary bilen öňe alyp barýan, ylym-bilim we innowasiýalar älemine giň ýollar açýan, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi ýola goýmak üçin taýsyz tagallalary edýän Hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri aýdylyp, il-ýurt hem dünýä ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň mydama rowaslyklara beslenmegi arzuw edildi.


Taýýarlan: Gülnar Tekäýewa,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 
Ylym bölüminiň esasy hünärmeni