Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň “Logistika” hünäriniň 3-nji ýyl talyplary 2025-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda nazaryýetde alan bilimlerini berkitmek maksady bilen, ýagny gurluşyk önümçiliginiň aýratynlygy bilen içgin tanyşmak, çenligiň düzümini öwrenmek.
Çenlik bahasy – bu gurluşykda ulanylýan möhüm görkezijileriň biridir. Gurluşygyň çenlik bahasyny ulanmagy bilen taslama çözgütleriniň wariantlary bilen deňeşdirilýär, tehnologiki, konstruktiw we göwrüm – meýilleşdirme çözgütleri paýlanýär, täzeden gurmagyň, täzeden enjamlaşdyrmagyň çözgütleri esaslandyrylýär, obýekti gurmak ýerini saýlamak soraglary çözülýär. Çenlik bahasy iş taslamasynda gurluşygy amala aşyrylmagynda serişdeleriň limitini anyklamagynyň esasy ugry hökmünde çykyş edýär we gurluşygyň amatlylygy soragyny çözmek üçin, halk hojalygyna, pudaklara, kärhanalara maýa goýumlary meýilleşdrmek üçin gulluk edýär. Çenlik bahasynyň görkezijileri gurluşyk – gurnaýyş guramalaryň işini meýilleşdirmegiň esasy guraly bolup gulluk edýär. Çenlik bahasynyň esasynda potratçy bilen baş gurluşyk guramanyň arasynda ylalaşyk baglaşylýar, gurluşyk meýilleşdirilýär, ylalaşyk baha emele gelýär. Çenlik bahasyny ulanmak bilen baha görnüşindäki işgärleriň işi, gurluşyk kärhananyň meýilnama boýunça we hakyky girdejisi, onuň işiniň önümçilik – hojalyk derňewi
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri häzirki zaman biliminiň hem-de öňdebaryjy ylmyň möhüm merkezleri bolup durýar. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurlup ulanylmaga berilmegi we onda ornaşdyryljak tejribehanalardaky dünýäniň öňdebaryjy innowasion enjamlaryň bolmagy, institutda bilim alýan talyp ýaşlaryň, işleýän professor-mugallymlaryň, alymlaryň ylmy işlerini we innowasion işläp taýýarlamalaryny alyp barmaklyga uly itergi berer.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynda ornaşdyryljak innowasion enjamlarda ýerine ýetiriljek ylmy-innowasion işler bilim alýan talyplaryň, magistrantlaryň, aspirantlaryň, doktorantlaryň we ylmy işler bilen meşgullanýan professor-mugallymlaryň ylmy açyşlary, senagat-innowasion tejribeleri, ylmy-inženerçilik pikirleri, maglumat-tehnologik barlaglary alyp barmaklygy bilen, geljekde döwletimiziň kuwwatyny pugtalandyrmakda, aýratyn-da, ykdysadyýetimiziň sanly düzümleriniň ösdürilmeginde wajyp ähmiýete eýe bolar.