2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Çuňňur Hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, Hemişelik Bitarap ýurdumyzda gurulýan saglygy goraýyş edaralarynyň binagärlik babatda ýokary ölçeglere, milli äheňlere laýyk bolmagyny üpjün etmekde, şähergurluşyk işini ýokary derejelere ýetirmekde, saglygy goraýyş edaralarynyň binagärlik-gurluşyk taslamalary işlenip düzülende dünýäde gazanylan oňyn tejribeleri, innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy inženerçilik, binagärlik, bezeg işläp taýýarlamalaryny işjeň ulanmakda, taslama we binagärlik işleri boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda, ýaşlary bu işlere çekmekde, ylmy oý-pikiriň we tehniki ösüşiň gazananlaryny peýdalanmakda alyp barýan ägirt uly işlerini, şeýle hem saglygy goraýyş babatda jemgyýetiň we döwletiň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny göz öňünde tutup, halk wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan, raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleriň esasynda, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň at gazanan arhitektory” diýen hormatly adyň dakylmagyna bagyşlanyp hoşallyk maslahaty geçirildi.
Taýýarlan: Baba Myratberdiýew,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlygy