“Ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda bilm boýunça özara hyzmatdaşlygy üpjün etmek hakynda” Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2022-nji ýylyň 7-nji martyndaky 77 belgili buýrugyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna berkidilen Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebine okuw-usuly goldow bermek üçin özara hyzmatdaşlygy üpjün etmek boýunça 2025-2026-njy ýylynda ýerine ýetirmeli işleriň iş meýilnamasynyň çäklerinde, 2025-nji ýylyň noýabr aýynyň 7-sine Inžener-mehanika fakultetiniň “Önümçiligi awtomatlaşdyrmak” kafedrasy tarapyndan Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň arasynda “Sement tozanyny tutmagyň we peýdaly ulanmagyň innowasion usullary” atly seminar okuwy geçirilip, onda tozan zyňyndylarynyň adamyň saglygyna we ekologiýa ýagdaýyna gönüden-göni oňaýsyz täsiri, oňa garşy göreşmeklik bilen bagly alnyp barylmaly ylmy-barlag we taslama konstruktorçylyk işleri barada gürrüň edildi.

Şeýle hem sement önümçiliginiň uly zyňyndylary bolan sement tozanyny we kömürturşy gazyny peýdaly taraplardan ulanmagyň ylmy taýdan esaslandyrylan mümkinçilikleri boýunça özara pikir alyşyldy.
