Täze “Rusça-türkmençe tehnologik sözlük” çap edildi

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň dosenti A.Penjiýewiň, G.Çonanowyň, B.Mämmedowyň ýokary okuw mekdepleri üçin “Rusça-türkmençe tehnologik sözlügi” çap edildi. Sözlük Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň “Ylym” neşirýaty tarapyndan redaktirlendi. 

“Rusça-türkmençe tehnologik sözlük” gaýtadan dikeldilýän energiýa, daşky gurşawy goramak we nanotehnologiýa babatda sözleri, adalgalary öz içine alýar. Bu sözlük inžener-tehniki ugurda zähmet çekýän hünärmenlere, tehniki ýokary okuw mekdepleriniň, ýörite hünär mekdepleriniň professor-mugallymlaryna, talyplaryna we giň okyjylar köpçüligine niýetlenildi hem-de ylmy we tehniki sözleriň, adalgalaryň giňden ulanylmagynda gollanma bolup hyzmat eder.    

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärler açylýar we döwrebap okuw kitaplary, okuw gollanmalary yzygiderli taýýarlanylýar. Ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň açylmagy bilen şol ugurlara degişli sözler, adalgalar, düşünjeler hem ulanyşa girýär. Şu sebäpli daşary ýurt dillerinde ulanylýan şeýle sözleriň, adalgalaryň, düşünjeleriň düýp manysyny açyp görkezýän iki dilli sözlüklere hem zerurlyklar ýüze çykýar.

Ýokarda görkezilenlerden ugur alyp Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda “Rusça-türkmençe tehnologik sözlügi” taýýarlandy. Sözlügi düzüjiler “Rusça-türkmençe tehnologik sözlügiň” geljekde has-da kämilleşdirmegini maksat edinýärler.


Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ylym bölümi