2026-njy ýylyň ýanwar aýynyň 28-29 – y aralygynda dosent A.Penjiýew Russiýanyň döwlet agrar uniwersitetiniň Mehanika we energetika instituty tarapyndan «Чтения академика В.Н.Болтинского» ady bilen geçirilen halkara ylmy-amaly seminarda onlaýn görnüşde “Теплоэнергетические ресурсы солевых залежей залива Кара-Богаз Гол в Каспийском море” atly ylmy tema bilen çykyş etdi. A.Penjiýew Garabogaz köl aýlagynyň Gün energetiki potensialy bilen bagly geçirilen barlaglar we alnan netijeler barada gürrüň berdi.
Şeýle hem A.Penjiýew Garabogaz köl aýlagynyň duz ýataklarynyň ýylylyk energiýa çeşmeleri we olar boýunça geçirilen matematiki hasaplamalar, aýlar boýunça meteorologiki maglumatlar, Gün şöhlelenmesi bilen bagly diagrammalar we ol ýerde gurulmagy teklip edilýän Gün elektrik stansiýasynyň mümkinçilikleri barada çykyşynda giňişleýin durup geçdi.
Ýurdumyzyň Garabogaz köl aýlagy we onuň mümkinçilikleri maslahata gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi we birnäçe meseleler boýunça sorag-jogaplar alşyldy.
